BIZNES

Bazar bahasy 2,4 trillion dollardan geçýär

ABŞ-nyň “Apple” tehnologiýa kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy şu ýylyň başyndan bäri köpelip, bazar bahasy 2,4 trillion dollar ýetmegi başardy.

2019-njy ýylda bazar bahasyny 1,8 trillion dollara ýetiren tehnologiýa ägirdi 2020-nji ýylyň awgust aýynda bazar bahasyny 2 trillion dollara ýetiren ilkinji amerikan kompaniýasy boldy.

Paýnamalary 145.09 dollara barabar bolan  “Apple” kompaniýasynyň bazar bahasy 2,41 trillion dollara ýetdi.

Aprel aýyndaky maglumata görä, ýylyň birinji çärýek hasabatynda 58,3 milliard dollar girdeji gazanandygy mälim edilen “Apple” kompaniýasy bu girdejileriniň aglaba bölegini “iPhone” we “iPad” satuwlaryndan gazanandygyny habar berdi.

“Apple” kompaniýasy 27-nji iýulda ikinji çärýekdäki maliýe netijelerini yglan eder. Kompaniýadan ýene-de ýokary girdeji görkezijilerine garaşylýar.

 

Kazan-Türkmenbaşy uçarynyň biletiniň bahasy barada

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy