JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Ispaniýa güýçlidigini görkezdi

Ýewropa çempionatynda 1/8 finalda Ispaniýa bilen Horwatiýa duşuşdy. Bu duşuşyk hem örän gyzykly boldy. Duşuşykda jemi 8 gol geçirildi we ispanlar hem tas öýünde gaýdypdy. Ýöne olar muňa rugsat bermediler.

DERWEZEBANYŇ ÝALŇYŞY

Umuman, Ispaniýanyň futboly iň köp pas geçirmek bilen meşhurdyr. Duşuşygyň ilkinji minutlarynda ispanlar köp pas geçirip, gowy oýun görkezýärdi. Emma Pedriniň derwezebanyna beren pasyny derwezeban Unai Simonyň ýalňyşlygy bilen top derweze gitdi. Şondna soňra tijenen Ispaniýa 38-nji minutda Sarabiýa, 57-nji minutda Aspilikueta hem-de 76-njy minutda Ferran Torreseiň gollayr bilen 3:1 hasabynda öňe geçdi.

HORWATLAR TIJENDI

Duşuşyk 3:1 hasabynda ispanlaryň peýdasyna tamamlanar diýip garaşlyýardy. Emma garaşylyşy ýaly bolmady. 85-nji minutda Orşiç hem-de 90+2-nji minutda Paşaliçiň gollary bilen hasap 3:3 boldy.

GOŞMAÇA WAGTDA ISPANLAR GÜÝÇLIDIGINI GÖRKEZDI

Duşuşygyň esasy wagtyna goşulan 30 minutlyk go’maça wagtyň 100-njy minutynda Alwaro Morato hem-de 103-nji minutynda Oýarsabalyň gollayr bilen Ispaniýa 5:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ispanlar 2-nji iýulda Fransiýany öýüne ugradan Şweýsariýa bilen duşuşar.

 

Ýewro-2020: Fransiýa hem öýüne dolandy

 

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi