BIZNES

Türkmen-gyrgyz ykdysady forumy geçiriler

Paýtagtymyz Aşgabatda türkmen-gyrgyz ykdysady forumy geçiriler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen-gyrgyz ykdysady forumy geçiriler. Oňa ýurdumyzyň we Gyrgyzystanyň ykdysadyýet we maliýe, energetika we senagat pudaklarynyň, ulag we kommunikasiýa toplumynyň, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty, telekeçilik ulgamlarynyň wekilleri gatnaşar.

Forumyň gün tertibinde söwda-ykdysady ulgamda, logistikada, maýa goýmakda we eksport mümkinçilikleri bilen tanyşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak meseleleri bar.

Şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklar, işewür gepleşikleri guralar. Olaryň netijeleri boýunça degişli resminamalar gol çekmek göz öňünde tutulýar.

 

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary

Related posts

Aşkabat’ta Starbucks açıldı

vepa

1 günde 10 milliard ýewro gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň önümçilik senenamasy neşir edildi: resmi taýdan dynç alynýan günler