JEMGYÝET

Içerki gündelik demir ýol gatnawlary ýola goýuldy

«Demirýollary» AGPJ gündelik içerki demirýol gatnawlaryny täzeden ýola goýdy, bu barada paýdarlar jemgyýetiniň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen demirýol gatnawlarynyň gatnaw tertibindegörmek bolýar.

Şol gatnaw tertibindne görnüşi ýaly, paýtagt Aşgabatdadan Türkmenabat, Serhetabat, Daşoguz hem-de Amyderýa ugurlary boýunça gündelik otly gatnawlary açyldy. Bu gatnaw ugurlary ýurdumyzyň iri ilatly nokatlarynyň – Mary, Baýramaly hem-de Tejen şäherleriniň üstünden geçýär.

Şeýle hem Türkmenabat-Gaijak-Türkmenabat ugry boýunça hem gündelik gatnawlar ýola goýuldy.

Demirýol gatnawlary boýunça petekleri hepdäniň islendik güni üçin islendik wagtda alyp bolar.

Mundan ozal, gündelik gatnawlar diňe Aşgabat-Törkmenba;y-Aşgabat ugry boýunça amala aşyrylýardy.

Petekleri «Demirýollary» AGPJ-niň resmi internet saýtynda Android we iOSgoşundylary arkaly hem satyn alyp bolýar.

 

Ýurdumyz boýunça 591 müň 242 tonna bugdaý hasyly ýygnaldy

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar