MEDENIÝET

Türkmen teleýaýlymynda hytaý serialy görkeziler

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti 7-nji iýun sagat 12:00-daky “Watan” habarlar gepleşiginden soň, “Miras” teleýaýlymynda ilkinji gezek “Biziň ýaşlygymyz” atly teleserialyň birinji bölümini öz tomaşaçylaryna hödürleýär. Bu teleserialy ýaýlyma bermek üçin döwlet komiteti “Naqada (Wuhan) Information & Consulting Co., Ltd” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Bu barada döwlet komitetiniň resmi internet saýtynda bellenilip geçilipdi.

Teleserialyň gysgaça mazmuny: Hytaýyň günortasynda ýerleşýän kiçi şäherleriň birinde ýaşaýan 5 sany goňşunyň gyzykly başdan geçirmelerine  şaýat bolmaga taýýar boluň!

Bu gyzykly wakalar sizi 80-nji ýyl bilen 90-njy ýyllary sepleýän döwrüň ýatdan çykmajak günlerine alyp gider. Heniz tehnologiýanyň ösmedik döwürleri, goňşuçylyk däpleriniň häzirki döwürden has berk döwri bolup geçýän wakalaryň öz aýratyn gyzygy bar. 5 goňşy dostuň bir-biri bilen arkalaşmagy, dürli kynçylyklary sezewar bolanlarynda bilelikde ýeňmäge synanyşmagy sizde dostluga we durmuşa umytly seretmäge bolan täsin duýgular oýarar.

80-nji ýyllaryň aýagyna bolup geçýän bu wakalara tomaşa eden wagtyňyz  5 wepaly dostlar bilen bile gynanyp bile begeneniňizi duýman galarsyňyz.

Režissýoryň ussatlygy we artistleriň öz roluny birkemsiz ýerine ýetirişi bolsa, sizi mundan 30 ýyl öňki döwrüň ýakymly duýgulary bilen gurşap alar.

 

Howanyň gyzmagy bilen öňüni alyş çäreleri güýçlendiriler

 

Ýene-de okaň

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň MEÝILNAMASY

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi geçiriler