SPORT

UEFA Ýewropa Ligasynyň kubogyny “Wilýarreal” gazandy

UEFA Ýewropa Ligasynyň final duşuşygyň geçirildi. Onda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary bilen Ispaniýanyň “Wilýarreal” topary duşuşdy. Esasy wagty 1:1 deňme-deň gutaran oýunda kubogy gazanan topary 11 mterlik jerime urgulary aýan etdi.

11 metrlik jerime urgulary 11 gezek geçirildi. Netijede, bu jerime urgularynda 11:10 hasabynda Ispaniýanyň “Wilýarreal” topary üstün çyykyp, öz taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy, galyberse-de birinji gezek şeýle ýokary derejedäki ýaryşda üstün çykdy.

Şeýlelikde, bu gazanan üstünligi bilen “Wilýarreal” topary geljek möwsümde UEFa-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy. Şeýle hem UEFA-nyň Superkubogyny almak ugrundaky duşuşykda UEFA-nyň Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

“Mançester Ýunaýted” toparynyň derwezebany De Hea duşuşygyň anti-gahrymany boldy. Ol duşuşykda ähli 11 metrlik jerime urgularyny derwezesine geçirdip, özi hem 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedi.

UNAI EMERINIŇ TARYHY REKORDY

Häzire çenli haýsy topary UEFA-nyň Ýewropa Ligasynyň finalyna çykaran bolsa, şol topary kubogy gazandy. Ol hem tälimçi Unai Emeridir. “Wilýarreal” toparynyň tälimçisi Unai Emeriniň bu UEFA-nyň Ýewropa Ligasynyň 4-nji kubogydyr. Ol bu kubogy ozal hem “Sewilýa” topary bilen 3 gezek, ýagny 2014-nji, 015-nji hem-de 2016-njy ýyllarda gazandy.

Şeýlelikde, ol Ýewropa Ligasynyň kubogyny iň köp gazanan tälimçi boldy. Emeri bu babatda italiýaly tälimçi Jowanni Trapattoniden öňe saýlandy. Trapattoni “Ýuwentus” topary (1977, 1993) bilen 3 gezek, “Inter” topary (1991) bilen bir gezek bu arzyly kubogy gazanypdy.

Unai Emeri tälimçilik durmuşynda 11-nji kubogyny gazandy. Ol “Wilýarreal” toparyny 2000-nji ýyldan bäri tälim berýär we topar bilen ilkinji kubogyny gazandy.

Mundan ozal, “Sewilýa” hem-de “PSŽ” toparlarynda tälimçilik eden döwründe kuboklar gazanypdy.

ÝEWROPA LIGASYNYŇ IŇ ÝAŞ ÝEŇIJISI

“Wilýarreal” toparynyň düzüminde çykyş edýän ispaniýaly Ýeremi Pino UEFA-nyň Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazanan iň ýaş futbolçy boldy. Ol final duşuşygynda 77-nji minutda oýna goşuldy. Şeýlelikde, ol 18 ýaş we 218 gün hasaby bilen kubogy gazanan iň ýaş futbolçy boldy.

“Mançester Ýunaýted” topary bolsa Ýewropanyň kuboklarynda ispan toparlarynda eýýäm 4-nji ýeňlişine sewezar boldy. 2009nji we 2011-nji ýylda Çempionlar Ligasynyň finalynda “Barselona” toparyndan, 2017-nji ýylda Superkubok ýaryşynda “Real” toparyndna ýeňildi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/27-nji-mayda-yyldyzlar-name-diyyar-gundelik-taleynama/

Ýene-de okaň

Ronaldo «Al-Nasr» bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy

Ronaldo “Al-Nasr” futbol kluby bilen şertnamasyny uzaldar

Türkmenistanly tälimçi Litwanyň “Daýnawa” toparyna tälim berer

Garet Beýl “Kardiff Siti” futbol toparyny satyn almak isleýär

Ata Watan Eserleri

Halkara Olimpiýa komitetiniň täze ýolbaşçysy wezipesine girişdi

“Oklahoma” taryhynda ilkinji gezek NBA çempiony boldy