SIZDEN GELENLER

Meşhur Eýnşteýnden 10 sargyt

 

  • Gyzyklanmalaryň yzyndan galma!

Seni gyzyklandyrýan zadyň yzyndan galma. Maksada ýetmegiň, başarjaň bolmagyň üstünde işle. Mysal üçin, meni käbir adamlaryň gazanyp ýa-da gazanyp bilmezligi gyzyklandyrýar.

  • Yhlasyň bahasy ýokdur!

Öňüňde goýan maksadyň soňuna ýetmek üçin ýeterlik sabryň bolsun. Başlan işiň soňuna çenli dowam et. Men hem has akylly bolanlygym üçin däl-de kynçylyklara garşy soňuna çenli göreşenligim üçin maksadyma ýetýärin!

  • Ünsüň şu güne gönüksin!

Ähli zady bir wagtda, bir günde başarmak mümkin däl. Birbada birnäçe işi etjek bolýan ynsan şolaryň haýsy-da bolsa birine az üns berýändir. Ähli ünsüňi diňe şu güne gönükdir!

  • Hyýal güýjüňi ösdür!

Ol saňa üstünlikleriň, şowlulyklaryň ilkinji ädimi bolar, aslyýetinde ol seniň üçin zehinden hem zyýadadyr!

  • Ýalňyşmakdan gorkma!

Hiç wagt ýalňyşmakdan gorkma, çünki ýalňyşlyklar – bu kämilleşmegiň esasy serişdesidir. Hat-da çagajyk hem ýöremegi köp gezek ýykylyp öwrenýändir.

  • Ukybyňy tejribe bilen amal et!

Gyzyklandyrýan maglumatlaryňy okap, öwrenip däl-de, tejribede özleşdir. Şeýle ýol bilen sen maksadyňa has içgin aralaşarsyň!

  • Özüňi sylamagy we sylagdan peýdalanmagy başar!

Ilki bilen, başarjaň bolmaga däl-de, sylag-hormatly, jemgyýetde mynasyp abraýdan peýdalanmagy başar. Çünki sylag-mertebe gazanyp bilseň, üstünligiň özi siziň gapyňyzy kakar!

  • Şu pursat bilen gal!

Ertirki güni gowy garşylamagyň netijeli ýoly häzirki wagty degerli peýdalanyp bilmegi başarmakdyr. Sebäbi sende geçen güni ýa-da geljegi üýtgetmek üçin hiç hili mümkinçilik ýokdur. Şu pursat bolsa seniz öz eliňde!

  • Bitiren işiňe görä netijä garaş!

Durmuşda hiç hili täzeçilligi, üýtgeşikligi ýola goýman gowy netija garaşma. Garaşýan netijäňe ýetmek üçin yhlas et! Özgertmek üçin ilki özgermelisiň!

  • Kämil oýunda kämil oýunçy bol!

Durmuş meýdanynda sen bir oýunçysyň. Durmuşyň düzgünlerini dogry öwrenip, kämil hem-de gowy oýnamaga çalyş. Şeýle edilende, üstünlik mydama saňa ýaran bolar!

Şeýle gyzykly hem-de peýdaly maglumatlary size ýetirmek biziň bilen, Eýnşteýni dünýäde meşhur eden 10 sargytdan netije çykarmak ählimiz bilen! Üstünlik mydama siziň bilen bolsun!

 

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Bilim – ösüşleriň berk binýady

Dil öwrenmek-asylly ýörelge

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy