Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli köp sanly çäreler geçirilýär. Ine, şolaryň ýene-de biri geçirildi. Ol hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň gurnan “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalydyr.
Bu festiwal tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Köp sanly çeper fimler görkezilip, olaryň arasynda iň gowulary saýlandy.
23 maýda, ýagny şu gün festiwalyň çäklerinde ýeňijilere baýrak gowşurylyş dabarasy guraldy. “Aşgabat” kinoteatrynda geçirilen dabara artistler, sungat ussatlary, žurnalistler, kino muşdaklary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
Zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak, şeýle hem, Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem Hormat hatlary gowşuryldy.
ÝEŇIJILER SYLAGLANDY
“Aşgabat bahary” kinofestiwalynyň höweslendiriji baýraklaryna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Nowruzgeldi Mollaýew tarapyndan hödürlenen “Umyt” filmi, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň döredijilik topary tarapyndan hödürlenen “Bagt şäheri” filmi, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Ýazmyrat Allaberdiýew tarapyndan hödürlenen “Aždarhaly haly” filmi, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy Mekan Gurbanalyýew tarapyndan hödürlenen “Daragt” filmi, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Guwanç Nazarow tarapyndan hödürlenen “Bagtyň nury Aşgabat” filmi mynasyp boldy.
- Eminler toparynyň baýragyna Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň işgäri Nurýagdy Şyhyýewiň “Meniň kakam”:
- Iň gowy kinossenariýa eseri baýragyna “Watanym, şöhratym, şanym Aşgabat”:
- Iň gowy şekil döreden erkek keşbi baýragyna Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan “Baky juwan Aşgabat” filminiň baş gahrymany Isgender Rejepow:
- Iň gowy şekil döreden zenan keşbi baýragyna “Meniň kakam” atly filmiň baş gahrymany Enaý Eýeberdiýewa:
- Iň gowy kinooperatoryň işi baýragyna “Gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşar” filminiň operatory Hanjar Sopyýew:
- Iň gowy kinorežissýor baýragyna Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň işgäri Batyr Batyrowyň “Owaz” filmi:
- Tomaşaçylar tarapyndan saýlanan film baýragyna Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş Drama teatrynyň hödürlän “Doglan günüň gutly bolsun, Aşgabat!” filmi ýeňiji boldy.
- Şeýle hem Baş baýraga Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredijilik toparynyň taýýarlan “Meniň kakam” filmi mynasyp boldy