SIZDEN GELENLER

Kadaly uky almagyň adam saglygyna peýdasy

Wagtly-wagtynda ukyny almak adam saglygy üçin örän möhümdir. Hünärmenler ukynyň adamyň diňe saglygyna peýdasy bolman, eýsem, şähdiňi açýandygy barada hem aýdýarlar. Ortaça hasap bilen alnanda adamlar wagtynyň üçden bir bölegini uklap geçirýärler. Ýogsada, gowy uklamak, dynç almak üçin näme etmeli?!
Käbir adamlar ýadaw halynda bolsada ýatyp, ukusyny kadaly ýagdaýda alyp bilmeýärler. Näçe köp uklan hem bolsa hem dynjyny alyp bilmeýän adamlaryň bolşy ýaly, az uky bilen oňňut edýän adamlarda az däldir. Her kimiň uklaýan wagty tapawutly hem bolsa, adamyň saglygy üçin gündelik ortaça 8 sagatlyk ukynyň has peýdalydygy mälimdir. Geçirilen barlaglaryň netijesi gündelik 4 sagatdan az, 10 sagatdan köp bolan ukynyň adamyň ömrüne täsir edýändigini görkezdi. Wagtynda uklap bilmeýän ýa-da ukusy bölünip, mazaly dynç alyp bilmeýän adam günüň dowamynda ünssüz bolup, edýän işinde ýalňyşlyk goýberip bilýär. Kadaly ukysyny alyp bilmeýänlere ýatmazyndan 1-2 sagat öň suwuk zat içmezlik maslahat berilýär. Hünärmenler rahat ukyny almak üçin şu aşakdaky maslahatlary berýärler:

Her gün şol bir wagtda ýatmaly.

Gündizine ýeterlik derejede açyk howada gezmeli.
Ýatmazdan öň ýuwunmak, dişiňi arassalamak ýaly işleride her gün şol bir wagtda ýerine ýetirmeli.
Wagty bilen ukyňyz gelmese (mysal üçin 20 minut) ýeriňizden turup, başga otaga gidiň! Telewizor, telefon we şoňa meňzeş zatdan başga bir zada güýmenjek boluň! Ukyňyz gelenden soňra gaýtadan ýeriňize geçiň!
Sagada seretmek endigiňiz bar bolsa, ony hem taşlajak boluň! Zerur bolmadyk halatynda sagada seretmäň!
Gündizki alan ukyňyz hem gije ukusyzlygyňyza sebäp bolup biler. Gündiz gaty ýadasaňyz az-kem irkiliň. Başardygyňyzdan sagat 15:00-dan soňra ýatmazlyga çalşyň!
Ýatylýan otagyňyz garaňky, salkyn hem-de asuda bolmaly.
Yzygiderli maşkyň hem rahat uka peýdasy diýseň ulydyr. Emma bu hereketler ýatmazdan 3-5 sagat ozal ýerine ýetirilen ýagdaýynda has hem gowydyr.
Telewizor, telefon, kompýuter ýaly ähli elektron enjamlary ýatmazdan iki sagat öň öçürmek hem maslahat berilýär!

 

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.

 

Ýewropada möwsümiň iň gowy futbolçysy saýlandy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti