- Dünýäde 7000-den gowrak dil bar we olaryň köpüsi şiwelerdir.
- Iňlis dilindäki “alphabet” sözi Grek elipbiýiniň ilkinji iki harpyndan gelip çykýar – “alpha” we “beta”
- Fransuz dili Beýik Britaniýada öwredilýän esasy daşary ýurt dilidir.
- Hawaýlylarda “ýagyş” sözi üçin 200-den gowrak dürli söz bar.
- Ýaponlar üç dürli ýazuw ulgamyny ulanýarlar: Hiragana, Katakana we Kanji.
- Demirgazyk Koreýada we Günorta Koreýada gürleşilýän diller tapawutlydyr. Uzak wagtlap aýrylandygy sebäpli olaryň aýratyn sözlük düzümi we grammatiki düzgünleri bar.
- ABŞ-da ispan dilinde gürleýänleriň sany boyunça Meksikadan soň ikinji ýerde durýar.
- Fin diliniň iň uzyn sözi epäjärjestelmällistyttämättömyydellär şübheli diýmegi aňladýar.
- Hytaý dilinde 50.000-den gowrak iýoroglif bar. Gazet okamak üçin 2.000 sany iýoroglif bilmelisiňiz.
- Iňlis diline “queue” sözi soňky dört harpy öçürilen halatynda hem şol bir ses bilen aýdylýan ýeke-täk sözdür.
- Hytaý dili dyngy belgilerini ulanmagy talap etmeýär.
- Taý dilinde ‘s’ ýazmagyň dört dürli we ‘t’ ýazmagyň alty dürli ýollary bar.
- Wenger dili goňşy dilleriniň hiç biri bilen baglanyşykly däldir.
- Grek dili miladydan öňki XIV asyrdan bäri bar.
- Italýan dili – iňlis, fransuz, ispan we nemes dillerinden soň iň köp okadylýan bäşinji dil.
- Arap dili 22 ýurduň resmi dilidir.
- Londonda 300-den gowrak dilde gürleşilýär.
- Häirki wagtda dünýäde 6909 sany janly diller bar.
Agajanowa Gülälek,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň
“Iňlis dili we edebiýaty” hünäriniň talyby