BIZNES

Birža täzelikleri: dokma önümleriň hyrydary köpelýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen hem-de tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 1 million 149 müň dollaryndan gowrak boldy.

Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň wekillerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy 7 million 725 müň manatlykdan gowrak boldy.

 

Neşiriň taryhynda ilkinji gezek

 

 

Related posts

Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezi dörediler

Türkmenistanyň bazary we söwda mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

21 sany desgany hususylaşdyrmak meýilleşdirilýär