JEMGYÝETSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Awaza”: Migrasiýa gullugy ýörite topar döreder

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Hazaryň kenarynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisi geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Onda ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysy hem-de Içeri işler ministri hem hasabat bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, tomusky dynç alyş möwsüminde Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan ýörite toparyň döredilip, onuň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ugurdaş düzümleri bilen bilelikde degişli işleri geçirilmelidigini tabşyrdy. Raýatlaryň ygtyýarlyklaryny kepillendirýän resminamalaryň düzgüne laýyk bolmagyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň bellige alan Kowid-19 waksinalary

Related posts

Daşary ýurtly türgenlere mugt sanjym ediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistan Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar

Ata Watan Eserleri