SIZDEN GELENLER

Halkara ynsanperwerlik hukugyna bagyşlanan bäsleşik

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara ynsanperwerlik hukugyny we Halkara Gyzyl Haç Komitetini esaslandyryjy Anri Dýunanyň doglan gününe bagyşlanyp, halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň,  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň  hukuk hünärinde bilim alýan  talyplaryndan  düzülen toparlar gatnaşdylar.

Oňa Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň  wekilleri   eminlik  etdiler.

Bäsleşigiň  şertleri  yzygiderlikde,  ýagny,   her topar özüniň adyny tanyşdyrmak we saýlap alan adynyň maksadyny düşündirmek; dürli soraglara anyk dilden jogap bermek; toparlaryň baştutanlary bije çekmek arkaly paýyna düşen soraga jogap bermek, onda her topara bir ýagdaýlar berlip, toparlar özlerine düşen ýagdaýlary  maslahatlaşyp, dogry jogap tapmak we iň soňky gelen netijeleri barada topar baştutanlary jogap bermegi başarmak; şeýle hem, talyplaryň Halkara ynsanperwerlik hukugynyň döremegi bilen baglanyşykly, Halkara Gyzyl Haç Komiteti we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işleri dogrusynda tanyşdyrylyş ýa-da wideorolik taýýarlamak esasynda alnyp baryldy. Ýiti zehini talap edýän  bu  bäsleşik,  Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimleri özünde jemlemek bilen, onuň esasy maksady bäsleşige gatnaşyjylaryň halkara hukugy we halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimlerini has-da artdyrmagyna we tejribede ulanmagyna gönükdirildi.

Bäsleşigiň jemini jemlemek boýunça emin agzalaryna söz berildi. Netijede Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýle-de mynasyp çykyş eden beýleki toparlara gymmat bahaly sowgatlar  gowşuryldy.

Şahnoza  EMINOWA,

                                          Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                           Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

 

Sanly ulgam arkaly 638 duşuşyk geçirildi

             

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti