Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler alnyp baryldy.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we gepleşikler möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklary boldy. Mart aýynda milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ХIV sammitine gatnaşdy we Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Ýanwar — aprel aýlary aralygynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 638-si geçirildi. Daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen bilelikde duşuşyklaryň we gepleşikleriň 35-si guraldy.
DIM-niň ulgamy boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ýylyň başyndan bäri, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň daşary syýasat edaralary bilen ençeme gepleşikler we maslahatlaşmalar, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasyndaky “С5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus, hökümetara türkmen-rus toparlarynyň çäklerinde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň hem-de Senagat boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparynyň duşuşyklary boldy. Şeýle hem birnäçe ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýilleşdirilen köp sanly halkara çärelere we maslahatlara ünsi çekip, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we bu babatda degişli teklipleri taýýarlamak boýunça wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklar berdi.