SIZDEN GELENLER

Tüwi hakynda biläýmeli zatlar

Tüwi mundan 7-8 müň ýyl ozal ösdürilip başlandy;

Dünýäde her ýylda takmynan 700 mln tonna golaý tüwi öndürilýär;

Tüwiniň 1 kilogramyny ösdürmek üçin 5000 litr suw sarp edilýär;

Demirgazyk Amerikada tüwi uçarlar arkaly ekilýär;

Tüwiniň her gektardan alynýan iň ýokary hasyly 2010-2011-nji ýyllarda hasaba alnyp, 2010-njy ýylda hytaýly ekerançy tarapyndan 19 t/ga, 2011-nji ýylda hindistanly ekerançy tarapyndan 22 t/ga hasabynda tüwi hasyly alnypdyr;

BMG-niň karary bilen 2004-nji ýyl “Tüwi ýyly” diýlip ykrar edilipdi;

Tüwiniň goňur reňkli uzyn tüwi görnüşi iň köp duş gelýän görnüşidir;

Beýleki däneler bilen deňeşdirilende tüwi kaliý we fosfory köp saklaýar;

Käbir arap ýurtlarynda bir tüwi dänesiniň agramyna deň bolan “arruza” atly ölçeg birligi ulanylýar;

Dünýä belli “Toyota” awtoulagynyň ady “hasylly tüwi meýdany” diýmekligi aňladýar.

Bir milliarddan gowrak adamyň ömri tüwi hasylyna baglydyr;

Käbir ýurtlarda tüwi abadançylygyň, bolçulygyň nyşany hasaplanmak bilen, toý dabaralarynda tüwi dänesini sepmek özboluşly däp-dessur hasaplanylýar;

Özünde B, E, PP, demir, ýod, selen we ş.m ýaly peýdaly maddalary saklaýan tüwi hiç kimde allergiki täsirleri döretmeýär;

Tüwiniň dürli reňkdäki görnüşleri bolup, biziň ulanýan ak tüwülerimize seredende goýy reňkli tüwüde has köp belok we antioksidantlar saklanýar;

Aziýa ýurtlarynda tüwi sarp etmeklik adam başyna ýylda 150 kg düşýär. Bu görkeziji Ýewropada bary-ýogy 2 kg töweregidir;

Taýlandda ýetişdirilýän “Jasmine” sorty tüwiniň iň gowysy hasaplanýar;

Aziýada ilatyň her biri günde azyndan 2 gezek tüwi iýýär;

Tüwiniň düzümine 8 sany çalşyp bolmaýan aminokislota girýär;

Witaminleriň we dürli minerallaryň uly bölegi goňur reňkli tüwide, şeýle-de onuň kepeginde saklanýar;

Tüwi suwda ösýän ýeketäk esasy dänedir;

Gaýnadylan tüwi özünde witaminleri we ýokumly maddalary dargatman peýdalylygyna saklaýar.

 

Aýbibi Kutlyýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy

 

 

Halkara guramalaryndan Türkmenistana ýokary baha

 

 

Related posts

Oba hojalyk önümçiligi innowasion ösüş ýolunda

Gymmatly azyk önümi

Ata Watan Eserleri

Ýangyç-energetika toplumy – ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy