JEMGYÝET

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi: Halkara uçuşlar barada

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 12-15-nji aprel aralygyndaky  “Türkiýede syýahatçylyk” hepdeliginiň çäklerinde  “Howpsuz syýahatçylyk – Türkiýäniň suratlarynyň sergisi we bufet kabul edişligi” mowzugy esasyndaky dabara geçirdi.

Çärä ýurdumyzda işleýän diplomatlar, THY Aşgabat şahamçasynyň başlygy, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň baş redaktory we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Saýtymyz 1-njilik ornuny has-da berkidýär

Aşgabatdaky Türkiýäniň medeniýet merkezinde geçirilen çärede, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral çykyş etdi we  Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Ilçi Oral bugünki çärä “Türk howa ýollary” kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň başlygynyň hem gatnaşýandygyny belläp,  Aşgabat-Stambul ugry boýunça uçar gatnawlarynyň iň ýakyn wagtda  açyljakdygy barada umyt edýändigini belledi.

Dabarada şeýle hem Türkiýäniň howpsuz syýahatçylyk mümkinçilikleri barada wideo rolik görkezildi we Türkiýäniň suratlarynyň sergisi gurnaldy.

Dabara gatnaşanlara türk milli naharlary hödür edildi.

Oraza hasaplaýjysy: Agyz Beklenýän we Açylýan wagtlar

 

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

Related posts

2028-nji ýylda Aşgabatda halkara hukugy boýunça Bütindünýä forumy geçiriler

Haýyr-sahawat gaznasy hakyndaky kitap çapdan çykdy

Ata Watan Eserleri

Işde galmak üçin artykmaç hukuklar barada maglumat