«Türkmenistan» gazetinde Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, döwletimiz tarapyndan zähmete ukypsyz adamlara, maýyplygy bolan adamlara, çagaly maşgalalarа we beýlekilere berilýän pensiýalar hem-de döwlet kömek pullary barada maglumat berildi.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni tarapyndan ýazylan makalada hem nygtalyşy ýaly, bu kodekse laýyklykda, üstümizdäki ýyl üçin ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň möçberi çagalaryň birine 539 manat 40 teňňe, çagalaryň ikisine 855 manat 60 teňňe, çagalaryň 3 we ondan köpüsine 1060 manat 20 teňňe möçberinde kesgitlenildi.
Türkmenistanda ýetim we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara aýratyn üns berilýär. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekilip, oňa laýyklykda, girizilen goşmaçalaryň esasy mazmuny ýetim çagalary durmuş taýdan goramagyň çärelerine bagyşlandy. Türkmenistanda ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara ýazuw we okuw esbaplaryny almak üçin Döwlet býujetiniň hasabyna birwagtlaýyn pul kömegi berilýär, muňa döwletiň doly üpjünçiliginde bolýan ýetim we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar degişli däldir.
Birwagtlaýyn pul kömegi her ýylda okuw ýylynyň başlanmagyna bir aý galanda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan bellenilen tertipde tölenilýär. Häzirki wagtda onuň möçberleri şu aşakdakylara deňdir:
— umumybilim berýän orta mekdeplerde okaýan ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara — 957 manat;
— başlangyç, orta we ýokary hünär okuw edaralarynda okaýan ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara — 1914 manat.
Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilendigini hem ýatladýarys.
Aşgabatda ulag we kommunikasiýa ulgamlary boýunça maýa goýum forumy geçirildi