Ýaponiýaly 90 ýaşly zenan ömrüniň 65 ýylynyň dowamynda şol bir ýerde işläpdir. Ýaşynyň gartaşandygyna garamazdan, ol beýleki deň-duşlaryndan has «başarnykly». Dünýä metbugatynda ýazylyşyna görä, kompýuterde işlemekden ussatlarça baş çykarýan bu zenan «Feýsbukdan» peýdalanmak üçin smartfonyny hem işjeň ulanýar. Şeýlelikde, ol dünýäniň iň ýaşuly ofis menejeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Gürrüň Ýasuko Tamaki barada barýar. Ýasuko ene 1930-njy ýylyň 15-nji maýynda dünýä inipdir. Ýene bir aýa golaý wagtdan 91 ýaşyny doldurjak bu zenan 1956-njy ýyldan bäri «Sunco Industries» söwda kompaniýasynyň merkezi edarasynda ― ofisinde işleýär.
Kompýuterden kämil derejede baş çykarýan 90 ýaşly hünärmeniň kompaniýadaky esasy wezipesi işgärleriň zähmet haklaryny hasaplamakdan ybaratdyr.
Täze rekordyň eýesiniň adaty iş güni bar. Has takygy, ol hepdäniň bäş gününde 7,5 sagadyny işde geçirýär. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri Ýasuko enä degişli güwänamany gowşuranlarynda, ol özüniň heniz nepaga çykmak meýliniň ýokdugyny aýtdy. Gowy ýeri, kompaniýanyň ýolbaşçylary hem onuň işinden hoşal.
