Häzirki wagtda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde, adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň barha giňelmegi ähli döwletleriň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Çünki, sport – diňe bir sagdyn durmuş ýörelgesi bolman, eýsem, sport älemindäki gazanylan üstünlikdir.
Taryhda sport adamlaryň durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. Sport bilen meşgullanmaklyk dürli döwürlerde hem özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Çünki, sport –ýurduň ösüşini üpjün edýär, ol ösüş bilen birlikde ynamly öňe gidýär. Sportuň täze ugurlarynyň peýda bolmagy, şahsy we toparlaýyn rekordlaryň sanynyň artmagyna, sport ýaryşlarynda täze ýeňijileriň kemala gelmegine ýardam berýär.
2013-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy sportuň we bedenterbiýe işjeňliginiň bilime, adamyň ösüşine, sagdyn durmuş ýörelgesine ýetirýän oňaýly täsirini nazara almak bilen, 6-njy apreli – “ Ösüş we Parahatçylyk üçin halkara sport güni” diýip yglan etdi. Bu halkara gününi döredijileriň pikirine görä, sport parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi güýçlendirmekde möhüm gurallaryň biridigini ýatlatmak üçin şeýle hem, sport adamda anyk häsiýeti terbiýelemekde iň ajaýyp usuly bolup durýandygyny görkezmäge gönükdirilendir. Şeýle halkara gününiň döredilmeginiň esasy maksady sportuň her bir ynsanyň durmuşynda, döwletiň syýasatynda hem-de halkara giňişliginde wajyp ornunyň bardygyna ünsi çekmekden ybaratdyr.
Serdar GYLYÇDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.