JEMGYÝET

Aşgabatda abadanlaşdyryş işleri geçirildi

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde şu günler paýtagtymyzda giň gerimli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyrylýar. Geçen şenbe we ýekşenbe günleri paýtagtymyz boýunça nobatdaky arassaçylyk çäresine has-da giň gerim berildi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary işjeň gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 24-nji fewralda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanyp geçiren maslahatynda degişli ýolbaşçylara bu şanly senä gabatlanyp, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, onuň arassaçylygyna ünsi güýçlendirmek babatynda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Bu tabşyryklardan ugur alnyp, geçirilýän işleriň çäginde binalaryň ýanaşyk ýerlerinde, seýilgählerde, ýanýodalarda ekilen güllerdir baglara ideg işleri geçirildi. Baglaryň düýpleri ýumşadylyp, agardyldy. Olara timar berlip, düýpleri arassalandy. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary ýaşaýan ýerleriniň töwereklerinde, köçelerde arassaçylyk işlerine agzybirlikde, uly ruhubelentlikde gatnaşyp, bu asylly işe öz goşantlaryny goşdular. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna giňden taýýarlyk görülýän günlerde seýilgählerdir köçeler göze gelüwli bezelýär, abadanlaşdyrylýar.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/oba-hojaygynda-emeli-hemra-arkaly-ekin-meydanlaryna-gozegcilik-etmek/

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar