SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çagalar üçin adaty däl syýahata ýola düşerler

Äleme uçuşlar bilen bagly iş alyp barýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «SpaceX» kompaniýasy ýakynda täsin bir uçuşy amala aşyrmakçy. Älem gämisiniň ekipažynda ýörite hünäri bolan ýekeje adam hem bolmaz.

Ýalňyş okamadyňyz, nobatdaky älem gämisinde işewürler, lukmanlar älem giňişligine çykar. 540 kilometr belentlikde boljak uçuşyň 3 günläp dowam etmegine garaşylýar.

Aýdylyşyna görä, ekipaža 38 ýaşly milliarder Žare Aýzekman ýolbaşçylyk eder. Onuň ýoldaşlary bolsa lukman, talyp we bir işewürdir.

Topara Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Çagalar hassahanasyna iň kän haýyr-sahawat eden adamlardan düzüldi. Syýahatyň dowamynda ýene-de 200 million dollar haýyr-sahawat serişdesiniň ýygnalyp, bu hassahana tabşyrylmagyna garaşylýar.

 

Türkmenistandan Russiýa nobatdaky ýörite uçar gatnawy

 

 

Ýene-de okaň

“S7 Airlines”:Moskwa bilen Aşgabat arasyndaky gatnawlaryň sany artdyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizýär

Türkmen lukmanlary koreý lukmançylygy boýunça okuw maksatnamasyny tamamladylar

Hytaýyň raýatlary Russiýa 30 gün möhlet bilen wizasyz girip bilerler

Russiýa bilen Saud Arabystany wiza talaplaryny özara ýatyrdylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy