JEMGYÝET

Otly gatnawlarynda nobatdaky täzelik

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “www.railway.gov.tm” internet saýtynda otly gatnawlary barada nobatdaky täzelik çap edildi.

Onda hususan-da şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar!
2021-nji ýylyň april aýynyň 1-den bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de 2 gezek hepdäniň çarşenbe güni Aşgabat-Mary–Türkmenabat, hepdäniň penşenbe güni Türkmenabat-Mary–Aşgabat ugurlary boýunça we hepde-de bir gezek Aşgabat-Daşoguz boýunça ýekşenbe güni, hepdaniň duşanbe güni Daşoguz-Aşgabat demir ýol gatnawynyň ýola goýulýandygy hem-de welaýatara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň 15-nji apreline çenli uzaldylandygy barada habar berýäris.

Ýokarda görkezilen ugurlar boýunça ýolagçy biletleri häzirki wagtda diňe bilet satyş kassalarynda resmileşdirilýär.

Şeýle hem şu günüň dowamynda saýtymyza ýerleşdiren habarymyza görä, şäherara we welaýatara awtobus ugurlary boýunça synag gatnawlary dowam etdirilýär. Hususan-da, 2021-nji ýylyň aprel aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de üç gezek Aşgabat – Daşoguz we Daşoguz – Aşgabat, Aşgabat – Mary we Mary – Aşgabat hem-de hepdede bir gezek Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawynyň ýola goýuldy.

 

Şäherara we welaýatara awtobus ugurlary boýunça nobatdaky täzelik

 

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

 

“Oýunly Sözlük”: Iňlis dilini gyzykly öwreniň

 

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri