JEMGYÝET

10 milliard düýp ag­aç ekmegi meýilleşdir­ýär

Saud Arabystany Patyşalygy bu tutumly işiň geljekde şol döwletiň ekologiýa taýdan arassa howasynyň bolmagy we yurduň ykdysadyýetine we syýasatyna uly ýardam berer diýip “news.mai­l.ru habar berýär. Ýurtda bagy-bossanlyga öwürmek kampanýasynyň çäklerinde ýakyn on ýyllykda  10 milliard düýp nahalyň oturdylmagy meýilleşdirilýär.

Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli ýurduň energiýasynyň 50% -ini gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden öndürmek arkaly uglerod zyňyndylaryny azaltmagy maksat edinýär. Şeýle hem Ýakyn Gündogaryň “Ýaşyl” başlangyçy  arkaly beýleki arap ýurtlary bilen goşmaça 40 milliard agajyň ekilmegine hem ýardam bermekçi. Şazadanyň pikiriçe, bu dünýädäki iň uly tokaý döretmek maksatnamasy bolar.

Saud Arabystanynyň Şazadasy bu tokaý zolagynyň dünýädäki iň uly tokaý zolagyna öwrüljekdigini we 2030-njy ýyla çenli ýurduň durmuş ykdysady derejelerini ýokarlandyrmaga uly ba­şlangyçdygyny belleýär. Bu işleriň amala aşyrylmagy dünýädäki howa şertleriň üýtgemeginiň esasynda howany durnuklaşdyrmaga ýardam berjekligi we halkara gatnawlaryndaky howa gämileriniň hem arassa howadaky hereketleriniň güýçlenjekdigi we howa gämileriň goňşy döwletlerine çalt baryp gowuşmaklygyny üpjün etjekdigi bellenilýär.

Saud Arabystany sebi­tde uglewodorod zyňyn­dylarynyň 60%-den gow­rak azalmagyna kömek ­etmek üçin sebitdäki ­hyzmatdaşlar bilen iş­ alyp barar diýip, Şa­zada belleýär.

 

 Derýa Rüstemow,

TOHUnyň talyby

 

 

Powetkin bu gezek ýeňildi

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Türkiýe: bilim hyzmatdaşlygynda täze teklipler

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri