SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede apreliň bosagasynda gar ýagdy

Aprel bosaga geldi. Şeýle-de bolsa, gyş sowlubererli däl. Soňky günlerde dünýä döwletleriniň birnäçesinden gar bilen bagly habarlar gelip gowuşýar. Apreliň bosagasynda gar bilen ýüzbe-ýüz bolan döwletleriň biri hem Türkiýe Respublikasydyr.

Türk metbugatynyň ýazmagyna görä, Stambul we Ankara şäherlerinde galyň gar ýagdy. Stambul şäherindäki adatdan daşary ýagdaýlar baradaky merkezden berlen beýanata görä, ýurduň demirgazygyndan gelen sowuk howa akymy gary hem özi bilen alyp geldi. Ýurtda howanyň derejesi 1 gradusa çenli peseldi.

Gar ýagmagy bilen bagly Ankara şäheriniň häkimligi raýatlardan şahsy ulag serişdelerini wagtlaýyn ulanmazlygy haýyş etdi.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/dunyanin-in-uly-suraty-satyldy/

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar