SIZDEN GELENLER

Sanly bilim we döwrebap özgertmeler

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky Karary bilen bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy.

Bu Konsepsiýa laýyklykda ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, bilim ulgamyna dünýä tejribesiniň gazananlarynyň, sanly bilim tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere täzeden badalga berýär.

Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde sanly bilim konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary tarapyndan işjeň ulanylýan bilim portallary hereket edýär. Mugallymlar bilim gorlarynyň üstüni ýetirýärler we onlaýn giňişlikdäki okuwçylaryň işjeňligine gözegçilik edýärler. Talyplar üçin portala girip, okuw kitaplary we golýazmalary okamak, wizual materiallar bilen tanyşmak, okuw esbaplarynyň animasiýa üpjünçiligini, degişli okuw wideolaryny we filmlerini görmek, onlaýn synaglaryndan geçip öz bilimlerini synap görmek, habarlaşma ulgamyny ulanmak, mugallymlaryň kömeklerinden peýdalanmak ýaly mümkinçilikleri göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da, ähli ýokary okuw mekdepleriniň portallary ýokary bilimiň ýeke-täk maglumat toruna birleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, ýurdumyzda her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen, bu ugurda düýpli özgertmeleri geçirmekden ybaratdyr.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

          Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Onuň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýerli hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi we onuň dizaýny işlenip taýýarlanyldy. Tor programma üpjünçiliginiň binýadynda sanly bilim portallary işlenip düzüldi.

Bilim portallarynda ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik işlerine degişli maglumatlar, bildirişler, sapaklaryň tertibi, talyplaryň özbaşdak bilim almaklary, mugallymlar bilen aragatnaşyk saklamaklary üçin okuw sapaklaryna degişli maglumatlar, audio, wideo materiallar, interaktiw-multimedia programmalar, tanyşdyryşlar, halypa mugallymlaryň leksiýalary, ylmy-amaly maslahatlaryň neşirleri, dünýäde ylymda we tehnikada gazanylan täzelikler ýerleşdirildi.

Ýokary okuw mekdepleriniň elektron kitaphana gory baýlaşdyryldy, dersler boýunça işlenip taýýarlanylan döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryň sany köpeldildi. Täze maglumatlar bilen başlangyç elektron maglumat gorunyň üstüni ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilýär.

Sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen internet arkaly uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.  Portalda talyplaryň arasynda dersler boýunça tor arkaly bäsleşikler geçirilýär.

Sanly bilim portallary arkaly serwerlerde ýerleşdirilen okuw maglumatlarynyň toplumy ýokary okuw mekdepleriniň okuw binalarynda we umumy ýaşaýyş jaýlarynda içerki kompýuter tory arkaly professor-mugallymlara, talyplara ulanmak üçin elýeterli edildi. Netijede, talyplara okuw maglumat çeşmelerine üznüksiz elýeterligi üpjün edýän sanly maglumat gurşawy emele geldi.

Sanly bilim tehnologiýalaryny döwrebap ulanmak, bilim portalyny döretmek we dolandyrmak, olary maglumatlar bilen baýlaşdyrmak boýunça mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, üç tapgyrda okuwlar geçirildi. Şeýle hem, häzirki wagtda elektron serişdeleri ulanmak bilen okatmagyň we bilim işini dolandyrmagyň kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň meýilnamasyna laýyklykda ýokary okuw mekdeplerinde sanly maglumat toplumy ýerleşdirilen serwerleri ýokary tizlikli optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy arkaly özara birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, ýaşlar, şol sanda mekdep okuwçylary bilen hünäre ugrukdyryş işlerini geçirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanli bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

 

Nurýagdy Baýlyýew,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň mugallymy.

 

Türkmenistan Gagauziýa bilen täze senagat taslamalaryny durmuşa geçirer

 

 

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat