SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Iň meşhur waksina…

Koronowirus pandemiýasyna garşy işlenip taýýarlanan waksinalaryň sany köpeldigiçe, olar bilen bagly gyzykly maglumatlar hem ýaýraýar. Ynha, «YouGov» atly inwestiýa guramasy ýörite sowalnama geçirip, Ýer ýüzündäki iň meşhur waksinanyň haýsydygyny anyklady.

Geçirilen sowalnama koronowirus pandemiýasyna garşy dünýäde ilkinji bellige alnan waksina bolan «Sputnik V», asyl, Ýer ýüzündäki iň meşhur waksina eken. Sowalnama gatnaşan 10 müň adamyň 54 göterimi rus waksinasyndan habarly we olar «Sputnik V»-niň beýleki waksinalara garanyňda has ygtybarlydygyna ynanýarlar.

Şeýle hem sowalnamanyň netijelerine görä, ikinji orny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, üçünji orny bolsa Angliýada işlenip taýýarlanan waksinalar eýeledi.

Sowalnama 50-den gowrak döwletiň wekilleri gatnaşdy.

 

“Android” ulgamly telefonyň näsazlygyny çözmegiň aňsat usuly

 

 

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy