JEMGYÝET

Gowaça ekişine badalga berildi

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Ýurdumyzyň birbada 4 welaýatynda, ýagny Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar.

Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, milli Liderimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe gerişdiler.

Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Geçen ýyl eziz Diýarymyzyň hasyl ussatlary Watan harmanyna 1 million 250 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Pudakda giň möçberli özgertmeleriň netijesinde, obasenagat toplumynyň düşewüntliligi ýokarlanýar. Şeýlelikde, obasenagat toplumyny inženerçilik-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleri täzeçil usulda çözülýär, Türkmenistan toprak-howa şertlerine gabat gelýän täze görnüşdäki kuwwatly tehnikalar satyn alynýar.

Ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, tohumçylygyň we bu ugra degişli ylmy barlaglaryň ösdürilmegine köp mukdarda maliýe serişdeleri goýberilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat döwrebaplaşdyrylyp, sebitlerde häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalar guruldy.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýyl gowaça ekmek üçin 620 müň gektar meýdan taýýarlanyldy. Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek işlerine hususy önüm öndürijiler hem gatnaşar, olara oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer bölünip berildi.

Şu ýyl tutuş ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Balkan welaýatyndan 10 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Ekiş möwsümine çenli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri taýýarlanyldy. Şolaryň hatarynda “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “149 F”, “Gubadag-3”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “S-2606” tiz ýetişýän, ýokary hasylly, süýümi uzyn we arassa görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten-14” görnüşi toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.

Şu möwsümde dürli kysymly bejergi traktorlarynyň 7 müň 600-den gowragy, ekiş gurallarynyň 1 müň 700-den gowragy, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň 5 müň 500-den gowragy peýdalanylar. Etraplarda düzüminde mehanik-abatlaýjylar hem-de sazlaýjylar bolan toparlaryň 436-sy döredildi. Şolar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşamak üçin awtoulaglar bilen üpjün edildi.

Şeýle hem ýakynda gelip gowşan täze tehnikalar, hususan-da, ekiş gurallary, dünýä belli “John Deere” kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylan traktorlar şu möwsümde ekin meýdanlaryna çykarylar.

 

Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişi başlady

 

Ýene-de okaň

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri