JEMGYÝET

2021-nji ýylyň agajy

“Environmental Partnership Association” daşky gurşaw guramasy, her ýyl geçirilýän “Ýewropa agajy 2021” bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi. Bäsleşigiň bu ýylky ýeňijisi ispaniýanyň Ueska şäheriniň Lesina obasynyň “Dub agajy” boldy. Rowaýata görä, bu agaç bir wagtlar ölmez-ýitmezlige eýe bolan ýerli jadygöýleriň baýramlarynyň merkezi bolupdyr.

Şeýle bäsleşikde Ispaniýanyň ilkinji gezek birinji orna mynasyp boldy. “Dub agajy biziň üçin ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Çagalar hemişe bu agajyň ýanyna oýnamak üçin gelýärler diýip, şol obanyň ýaşaýjysy buýsanç bilen belleýär.

Ispaniýanyň dub agajy birnäçe aýyň içinde 104264 ses ýygnap, bu babatda rekord goýmagy başarypdyr. Ikinji orny Italiýanyň Kalabriýa sebitinden müň ýyllyk “Banan agajy” eýeledi. Bu agaç üçin jemi 78210 adam ses beripdirler. Üçünji baýrakly orna bolsa Russiýanyň Dagystan sebitiniň 283 ýaşyndaky

“Çynar agajy” mynasyp boldy. Bu agaja hem 66026 adam ses beripdir diýip, ýaryşyň web sahypasynda habar berilýär.

“Ýylyň Ýewropa agajy” bäsleşigi 2011-nji ýyldan başlap, her ýyl geçirilip gelinýär. Bu ýyl daşky gurşaw guramasy özüniň 10 ýyllyk ýubileý baýramyny belleýär.

 

 

“Oýunly Sözlük”: Iňlis dilini gyzykly öwreniň

“Oýunly Sözlük”: Iňlis dilini gyzykly öwreniň

“Oýunly Sözlük”: Iňlis dilini gyzykly öwreniň

Ýene-de okaň

Kapadokiýanyň asmanyna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 300 sany howa şary uçuryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Agrar partiýasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Günorta Koreýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Ata Watan Eserleri

Ukrain kompaniýasy Aşgabatda metro gurmagy teklip edýär

“Rönesans Holding” alternatiw energiýa pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýar