BIZNES

Türkmenistanda «Mobil bank» hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany soňky üç ýylda 30 essä golaý köpeldi

2018-nji ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýyna görä, Türkmenistanda «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany degişlilikde, 333,3 we 1,0 müňden geçip, 2021-nji ýylyň degişli senesine çenli, «Internet bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 634,0 müňe, «Mobil bank» hyzmatyna birikdirilenleriň sany bolsa 28,4 müňe çenli ýetdi, ýagny degişlilikde, 1,9 esse we 28,4 esse ösüş gazanyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen, hakyky wagt tertibinde hasaplaşyklary geçirmek üçin «Internet bank», «Mobil bank» we «Elektron söwda» ulgamlary hereket edýär. Türkmenistanyň degişli karz edaralary tarapyndan «Türkmenhowaýollary», «Türkmendemirýollary» hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demir ýol, howa ýoly peteklerini, şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekleri internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşde satyn almak mümkinçiligi döredildi. Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp, şahsy bank hasabyny «Internet bank» hem-de «Mobil bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly bu hyzmatlardan peýdalanyp bilýär.

Geçen ýylyň dowamynda bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet bank», «Mobil bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 8,8 milliard manada ýetdi, bu görkeziji 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,65 esse ýokarlandy.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenhowayollarynyn-nobatdaky-yorite-ucusy-amala-asyryldy/

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler