SIZDEN GELENLER

Nowruz  dünýä halklarynyň durmuşynda  

Nowruz dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň  kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň bu nurana baýramy ýurdumyzda halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan halkara baýramlaryň biridir. Nowruz baýramynyň umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda bu baýram ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde bolsa, 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.

Türkmen taryhynda bahar baýramynyň birnäçe ady saklanyp galypdyr: togsan doldy, türkmen Nowruzy, çarwa Nowruzy, arkaç Nowruzy (esasy Nowruz), ýüpek Nowruzy, (ekerançylyk nowruzy), çiltek Nowruzy, oguz güni, ýaz başy, ýyl başy, erkin gün.  Bularyň içinde baýramçylygyň soňky ady has-da gyzyklydyr. Rowaýatda beýan edilişine görä,  türki halklar dagda bendelikde galypdyrlar. Şonda olar demir magdanyny eredipdirler we şol gün erkinlige çykypdyrlar. Şonuň üçin ol “Erkin gün” diýlip atlandyrylypdyr. Hywa hany Abulgazy (XVII asyr ) “ Türkmenleriň nesil daragty”  eserinde  “Oguzlar “Erkin günde” (21-nji martda) uly ot ýakdylar we oňa agyr demir goýdular, ony çekiçlediler, onuň üsti bilen şol  bir wagtda suwa we topraga oduň güýjüni geçirdiler. Olaryň garaýyşlaryna göra, şondan soň toprak janlanýar we sowuk yza çekilýär” diýip ýazypdyr.

Türkmenlerde çarwa Nowruzy 22-nji fewralda, ekerançylyk Nowruzy( ýüpek Nowruzy) 21-nji martda başlanýar.  Bu tapawut ýurduň diňe bir günorta etraplarynda gyşyň ir tamamlanyp, baharyň ir gelýänliginde däl, eýsem maldarçylykda şol döwürden owlak-guzy möwsümi başlanýandygyny hem görkezipdir.

Nowruz baýramy her bir halkyň durmuşynda dürli däp-dessurlara eýedir. Muny Gündogar halklarynyň durmuşynda aýdyň görmek bolýar.

Eýranda  

Has irki döwürlerden bäri Nowruzy giňden baýram edip gelýän pars halky   ýedi sany azyklyk önümi baýramçylyk desterhanynda hökmany bolaýmaly hasaplaýar. Olar bu baýramçylygyň esasy tagamy bolan samanu (semeni), sinjed (igde), sib(alma), säbzi(dürli gök otlar), sir(sarymsak), serke(sirke), sumah (ir-iýmişler) ýaly azyk önümleridir. Bulardan başga-da eýranlylar täzelenişiň, rowaçlygyň alamaty hökmünde gök ot goşup, “aş-reşte” diýlip atlandyrylýan unaş ýa-da “gorme- säbzi” diýlip atlandyrylýan gowrulan et taýýarlaýarlar.

  Özbegistanda

 Juda irki döwürlerden bäri şowhun – şagalaňa beslenip bellenilýän Nowruz baýramy mynasybetli özbek halky-da ýazan desterhanyny dürli tagamlardyr nygmatlar bilen bezemekligi gowy görýärler. Olaryň baýramçylyk saçagynda semeni bilen birlikde palawdyr manty, çekdirmedir işlekli ýaly milli naharlar bolýar. Beýleki goňşy halklar ýaly, özbek halky hem semenini we beýleki Nowruz tagamlaryny goňşy – golama hödür edýärler. Özem hödür edilen semenini içiňden ýagşy dilegler edip, sag eliň külbike barmagy bilen üç mertebe dadyp görmek sogap hasaplanylýar. Başga-da dürli oýunlary oýnamak, at çapdyrmak, horazdyr bedene uruşdyrmak ýörgünlidir.

    Azerbaýjanda 

Gije bilen gündiziň baharky deňleşiginde Nowruz baýramynyň şüweleňli bellenilýän ýene bir ýurdy Azarbaýjanda hem ýedi nygmatyň Nowruz surpasynda bolmagyna aýratyn üns berilýär. Özem ol azyk önümleri, esasan, goňşy eýran halkynyňka golaýdyr. Azerbaýjanlylaryň milli tagamy bolan şäkärburahem Nowruz surpasynyň esasy nygmatlarynyň biri hasaplanyp, ol süýt, ýag, un, ýumurtga, hoz, ülje mürepbesi ýaly zatlaryň garyndysyndan taýýarlanypýar.

Gazagystanda 

Gazagystanyň halky 21-nji marta geçilýän gijäni “Hydyr ata gijesi” diýip atlandyrýar. Gazaklar üçin Nowruz baýramynda esasy nygmat  “nowruz köjedir”. Bu tagama ýaşaýşyň ýedi alamaty hökmünde ýedi zat – suw, duz, goýnuň kelle eti, un, ýag, däne (tüwi, bugdaý, jöwen, mekgejöwen we ş.m) hem-de süýt goşulýar. Gazak halkynyň baýramçylyk saçagyny milli tagamlary bilen bir hatarda, dürli miweler, süýtdür gymyz ýaly içgiler hem bezeýär.

Gyrgyzystanda 

Gyrgyzlar Nowruzyň öňýany arça agajyny tüsseledip, öýüň içinde aýlaýarlar. Birnäçe Gündogar döwletleriniň halklary ýaly, gyrgyzlar hem saçakda  ýedi nygmatyň bolmagyna ähmiýet berýärler. Olaryň desterhanlaryny semeniden başda-da bäşbarmak, manty, palaw, gatlama ýaly milli tagamlary bezeýärler.

Owganystanda

Goňşy döwletimiz Owganystanyň halky bolsa baýramçylyk desterhanyna ýörite taýýarlanan naharlardan başga-da,   şirä ýatyrylan ýedi miwäni – kişmişi, igdäni, pissäni, kişdäni, hozy, badamy hem-de erigi goýmak zerur hasaplaýarlar. Şeýle-de arassalanan badam dänesi, grek hozy, pisse, üzüm erik, injir ýaly miwelerden taýýarlanan “Nawruzi” diýen şerbet hem owgan halkynyň baýramçylyk saçagynyň esasy lezzetleriniň biri hasaplanýar.

Täjigistanda  

Nowruz baýramynyň esasy tagamy sumanak (semeni) hasaplanýar we ol   baýramçylyk saçagynda goýulýar. Baýramçylyk güni ýurduň merkezi meýdançalarynda aýdym-sazly, dürli dabaraly çykyşlar gurulýar. Ot ýakylyp, oduň üstünden ýedi gezek bökülýär. Ot ähli günäleriňden saplaýar diýlen ynanja eýerilip edilýär.

Türkiýede  

Türkiýede hem şu sene bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlar döräpdir. Olar säher bilen öwlüýälere baryp, öten-geçenlerini ýatlaýarlar, şol ýerde birek-birege hoşboý ysly kofe hödür edýärler. Baýramçylyk saçagyny her hili tagamlardyr süýjülikler bilen boldan bezäp, şol saçakda Ýer togalagyny alamatlandyrýan reklenen ýumurtga goýýarlar.

Gunça HAMEDOWA,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

UEFA Ýewropa Ligasy: “Tottenhem” ýaryÅŸdan çykdy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi