BILIM

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 98 göteriminde interaktiw-multimediýa enjamlary ornaşdyryldy

Türkmenistandaky orta mekdepleriň 98 göteriminde interaktiw-multimediýa enjamlary bilen abzallaşdyrylan okuw otaglary bar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Neşirde nygtalyşy ýaly, ýurtda hereket edýän Oba milli maksatnamasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde diňe bir mukdar däl, eýsem, hil görkezijileriniň hem ýokarlanmagyna getirdi. Täze desgalardyr binalar häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanyp guruldy. Munuň netijesinde, öňki hereket eden durmuş we inženerçilik infrastrukturasynyň binalarynda hem-de desgalarynda halkara standartlara laýyk gelýän täze hojalyk birlikleri kemala geldi.

Mysal üçin, interaktiw-multimediýa enjamlary bilen abzallaşdyrylan okuw otaglary bolan umumybilim berýän orta mekdepleriň olaryň jemi sanyndaky paýy 98 göterime golaýlady. Mekdebe çenli çagalar edaralary üçin döwrebap enjamlaşdyrylan binalar guruldy. Oba ýerlerinde, şäherçelerde, etraplarda döwrebap, halkara standartlaryň ähli talaplaryna laýyk gelýän hassahanalaryň, saglyk öýleriniň ösen ulgamy kemala geldi.

 

Marsda ýeralma ýetişdirip bolar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen “Huawei” emeli aň we IT boýunça hünärmenleri taýýarlar

Hytaýly mugallymlar Türkmenistanyň 3 ýokary okuw mekdebinde işleýärler

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Makul Sözlük: diller arasynda ygtybarly köpri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasy 29 medal gazandylar