SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Etihad” awiasiýa kompaniýasynyň uly ýitgisi

Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) degişli bolan “Etihad” awiasiýa kompaniýasynyň täze görnüşli koronawirus (Covid-19) çäreleri sebäpli geçen ýyl uçuşlaryň togtadylmagy netijesinde 1 milliard 700 million dollar zyýana galandygyny mälim edildi.

“Etihad Airlines” kompaniýasy tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä, kompaniýanyň 2019-njy ýylda 17 million 400 müň ýolagçy gatnadandygy, emma bu sanyň 2020-nji ýylda 4 million 200 müňe ýetendigi mälim edildi.

2020-nji ýylyň mart aýyndan başlap ýaýrap başlan “Covid-19” sebäpli uçuşlaryň togtadylandygy we kompaniýanyň çäklendirilen uçuşlaryň netijesinde 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende girdejisi 74 göterim azalandygy mälim edildi.

Kompaniýa 2019-njy ýylda 4 milliard 800 million dollar girdejisiniň 2020-nji ýylda 1 milliard 200 million barabar bolandygy aýdyldy. Şonuň netijesinde, kompaniýanyň ýitgisi 1 milliard 700 million dollara bara boldy.

 

«Qantas» syrly uçuşlary amala aşyrar

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär