Bizi gurşap alýan daşky dünýämiziň faunasy özüniň täsinlikleri, özboluşlylygy bilen hemişe haýran galdyrýar. Adatça biz guşlaryň aýratyn özboluşly görnüşi bolan pingwinleri daşky şekili gara hem-de ak reňklerden ybarat bolan guş hökmünde bilýäris.
Belgiýaly suratçy I.Adams sary reňkli şa pingwininiň ilkinji suratlaryny düşürdi. Has takygy, Atlantik ummanyndaky Georgiýa adasyna guralan ekspedisiýanyň düzüminde bolan bu suratçy beden örtüginde melanin pigmenti öndürilmeýän özboluşly pingwiniň üstüni açdy. Adanyň kenarynda 120 müňden gowrak guş bolup, bu pingwiniň bolsa ýeketäk sary reňkli guşdygy ýüze çykaryldy. Bu sary-ak reňkli şa pingwini häzirki wagta çenli görülmändi. Elbetde, bu özboluşly guş hem faunamyzyň bezegi hem-de täsinligi bolar diýip aýdyp bileris.
Gyzylgül Öwezmyradowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy