DÜNÝÄ

«Таliban» Hereketi: TOPH we beýleki infrastruktura taslamalaryny goldaýarys

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda «Таliban» hereketiniň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Şol gepleşikleriň jemleri boýunça owgan wekiliýeti metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdi we žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Onda hususan-da şeýle diýilýär.

«Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!

Ilkinji nobatda sizi şu günki metbugat-konferensiýasynda görmäge şatdygymy beýan etmäge we özümi tanatmaga rugsat ediň. Men Mohammad Suhail Şahin, «Таliban» hereketiniň Syýasy edarasynyň we Gepleşikler toparynyň wekili bolup durýaryn.

Ilki bilen, Hereketiň syýasy edarasynyň adyndan Türkmenistana gelip görmek üçin çakylygy we görkezen myhmansöýerligi  babatynda türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Düýn, biz saparyň çäklerinde iki metjide baryp gördük we türkmen halkynyň gadymy medeni däp-dessurlary bilen tanyş bolduk.

Şu gün, bu ýerde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow hem-de onuň wekiliýeti bilen açyk we dostlukly ýagdaýda gepleşikler geçirildi, onuň barşynda biz bitarap Türkmenistanyň Owganystan babatynda alyp barýan syýasatyna hem-de goňşy Türkmenistan tarapyndan Owganystana gatnaşykda durmuşa geçirilen, häzirki wagtda dowam edýän we geljekde hem beriljek köpýyllyk syýasy we ykdysady goldawa oňyn baha berdik.

Türkmenistan, musulman, goňşy, bitarap döwlet bolmak bilen, uzak ýyllaryň dowamynda Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna we ýurduň ösüşine gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Owganystanda iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir we ýokary baha berilmäge mynasypdyr. Ýakyn wagtda TOPH, TOP ýaly taslamalaryň, şol sanda Türkmenistandan Owganystana demir ýollaryň gurluşygyna başlanar, bularyň ählisiniň Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna we onuň ykdysady taýdan ösüşine güýçli itergi berjekdigi gürrüňsizdir. Bir tarapdan, biziň ýurdumyzyň garaşsyzlygy ugrunda göreş dowam edýän wagtynda, biz beýleki tarapdan döwletimiziň çäginde durmuşa geçirilýän ähli milli taslamalaryň goraglylygyny üpjün etmek arkaly, halkymyzyň abadançylygyna we ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşmaklyga çalyşýarys.

Şunuň bilen baglylykda, «Таliban» Hereketi hökmünde, biz ýurdumyzda TOPH we beýleki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hem-de howpsuzlygynyň üpjün edilmegini doly godaýandygymyzy beýan edýäris.

Üns bereniňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin!»

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi