SIZDEN GELENLER

Gadryňy bilmedige zähmetiňi hödürleme

Ussat bir suratkeşiň okuwçysy okuwyny tamamlaýar. Ol beýik ussat öz suratkeş okuwçysyna ýüzlenipdir-de: “Oglum, sen soňkuja çeken suratyňy al-da, şäheriň içindäki iň köp adamly gatnaw meýdançasyna goý-da, suratyň gapdalyna-da gyzyl birje galam goý. Adamlara bolsa, şol synlan suratyndaky halamadyk böleklerini gyzylja galam bilen belgilemegini isleýän kiçiräk kagyza ýaz” diýýär.

Ol suratkeş okuwçy birnäçe günden soňra şol goýup gaýdan suratyny synlamaga gidýär. Suratyň gyzyl bellikler bilen dolandygyna gynanyp, ussadynyň ýanyna gelipdir. Ussat suratkeş bolsa, oňa gynanman ýene bir surat çekmegini dowam etmegini maslahat berýär-de, suratkeş oglandan çeken suratyny şäheriň iň köp adamly meýdançasynda goýmagyny haýyş edýär. Ýöne bu gezek oňa dürli reňkli boýaglary we birnäçe çotgajyklary hem bir gapyrjygyň içine ýerleşdirip goýmagyny buýurýar. Suratkeş oglan ussadynyň ähli diýen zadyny bir kemsiz ýerine ýetiripdir . Birnäçe gün geçenden soň, oglan ýene-de çeken suratyny goýup gaýdan ýerine baryp görse, suratyň hiç ýerine bellik edilmändigini hatda hiç hili degilmändigini gören badyna begenjinden ylgap ussadynyň ýanyna gaýdýar.

Ussat suratkeş ol begençli oglany görýär-de: “Ilkinjide, adamlara pursat berlende nähili rehimsiz tankyt edip biljekdiklerine göz ýetirdiň. Durmuşynda henize çenli hiç hili eline galam alyp surat çekip görmedik adamlar hem gelip seniň çeken suratyňa gyzyl galam bilen bellik edip çyzdylar. Ikinjide, sen olardan oňyn, akylly, konstruktiw  bolmaklaryny islediň. Şonuň üçin hem suraty synlap geçen adamlaryň hiç biri bilmeýän meselesini çözmäge het edip bilmedi. Näme edýändigini bilmeýän adamlardan zähmetiň sylagyny gazanyp bilmersiň. Gadryňy bilmedige hiç haçan zähmetiňi hödürleme. Hiç zatdan başy çykmaýan bilen jedel etme! ” diýipdir.

 

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady