BILIM

Harby-deňiz instituty okuwa çagyrýar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty okamaga isleg bildiren raýatlarymyzy okuwa çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Şol bildiriş şu tertipde çap edilidir.

  1. 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty okamaga isleg bildiren orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär.
  2. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.
  3. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäklerinde, döwlet dilinde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär.
  4. Dalaşgärler ýazgyda duran ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna 2021-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly. Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.
  5. Dalaşgärler okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine ýüz tutup bilerler.

Kabul ediş topary.

Suratyň çeşmesi: milligosun.gov.tm

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Related posts

Himiýa instituty

Türkmenistanyň bilen Russiýanyň bilim hyzmatdaşlygynyň ýol kartasyna gol çekildi

Türkmenistan Tatarystandaky bilim ministrleriniň forumyna gatnaşdy