JEMGYÝET

Otly we şäherara awtobus gatnawlarynda täze möhlet

Türkmenistan sebitdäki we dünýädäki çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly we raýatlaryň saglygyny goramak maksady bilen otly we şäherara awtobus gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli togtadyldy. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Siz saýtymyza goýulan habarlardan dessine habarly bolmak isleýän bolsaňyz, onda biziň Android ulgamynda hereket edýän applikasiýamyzy-Atavatan Türkmenistan Applikasiýasyny  telefonyňyza Google Plaý dükanyndan şu ýere basyp ýükläp alyň!

Şol habarda bellenilip geçilişi ýaly, otly we şäherara awtobus gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli togtadylýar. Mundan ozal, bu çäklendirmeler 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli girizilipdi.

Mälim bolşy ýaly, söwda, jemgyýetçilik iýmit, dini edaralaryň işiniň çäklendirme möhleti hem 2021-nji ýylyň martyna çenli uzadyldy (habary okamak üçin şu ýere basyň)

Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap edildi. Şol habarda COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli uzaldyldy. (habary okamak üçin şu ýere basyň)

 

“Makul Puzzle” : Wagtyňyzy peýdaly we gyzykly geçiriň!

Online oýun oýnamak käbir ýagdaýda wagtyňy biderek sarp etmek, esasan hem ýaşlary özlerini gelejege taýýarlan wagtynda ösüş prosesine zyýan ýetirip biler. Emma  käbir online oýunlar  bolsa nerw dartgynlygyň öňüni alyp, adama rahat beriji täsirleri hem bardyr. Biziň pikrimizçe Makul Puzzle ine şeýle oýunlaryň biridir.

Türkmen we Iňlis dillerinde jemi 15000-den gowrak baş sözi özünde jemleýän “Makul Sözlük” (sözlügi ulanmak üçin şu ýere basyň) ulanyjylarynyň dil baýlygynyň ösmegine goşant goşmak maksady bilen, täze hyzmaty-krosswordly sözlügi taýýarladyk.

Türkmen we Iňlis dilinde “eşitýän” we “diňleýän” akylly sözlügi-Makul Sözlük Applikasiýasyny ýüklemek üçin şu ýere basyň!

“Makul Sözlük” sahypamyzda hem krosswordly sözlük bölümi hereket edip başlandygyny nygtamak isleýäris (krosswordly sözlügi ulanmak üçin şu ýere basyň!).

Ýene-de okaň

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy

“Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň jemleri jemlendi

Ata Watan Eserleri

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi

Begenç Goçmollaýew söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy