BIZNES

YHG-niň Baş sekretary bilen onlaýn duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň platformasynda alnyp barylýan özara hereketleriň häzirki ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Guramanyň işiniň ösdürilmegine itergi berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenilip geçildi. Global wehimleriň çarçuwasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň işini işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.

Taraplar sebitde söwda-ykdysady, iri ulag we energetika taslamalarynyň başyny başlamak bilen, Türkmenistanyň YHG-nyň maksatlaryna ýetmek ugrunda ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýändigini nygtadylar. Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň ykdysadyýetiniň ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ýaly wajyp ulgamlarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.

YHG-nyň platformasynda işjeň gatnaşyklaryň ähmiýetini bellemek bilen, taraplar ykdysady integrasiýanyň çuňlaşdyrylmagy ugrundaky köptaraplaýyn özara hereketleriň derwaýyslygyny aýratyn nygtadylar.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Maliýe pudagyndaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan söwda dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan ulag ulgamyna 48 milliard manatdan gowrak maýa goýdy

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry

Tramp: ABŞ Pakistanda nebit gözlär

Azerbaýjanyň tebigy gazy Siriýa iberilip başlanýar