SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Lahti ― 2021-nji ýylda «Ýewropanyň ýaşyl paýtagty»

Finlandiýanyň Lahti şäheri resmi ýagdaýda 2021-nji ýylda «Ýewropanyň ýaşyl paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu barada «EuroPulse»-yň habarynda aýdylýar.

Şäher bu derejäni Portugaliýanyň Lissabon şäherinden kabul edip aldy.

Bu dereje şähere gaýtadan işlemek senagatynyň güýçli ösüşi üçin berildi. Bilermenler Lahtiden galyndylaryň 97 göteriminiň gaýtadan işlenilýändigini habar berýärler.

Şäherde dünýäde iň kämil suw geçiriji ulgamlarynyň hem biri işleýär.

Şäheriň ýolbaşçylarynyň kepil geçmegine görä, Lahtide 2025-nji ýylda çykaryljak zyýanly gazlaryň mukdary 1990-njy ýyldakydan 80 göterim az bolar. 205-nji ýylda bolsa şäher doly galyndysyz önümçilige geçer.

Ýeri gelende aýtsak, «Ýewropanyň ýaşyl paýtagty» derejesi Ýewropa komissiýasy tarapyndan 2008-nji ýyldan bäri her ýyl bir şähere berilýär.

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Related posts

Sungatyñ we stiliň sazlaşýan ýeri bolan Stambulda bazarlamagyñ ruhy lezzeti

Ata Watan Eserleri

Sanjymlar “Covid-19”-a garşy 90 göterim täsirli

Sanjym edilenleriň sany keselleriň sanyndan geçdi

Ata Watan Eserleri