TEHNOLOGIÝA

Arassa energiýa markasyna öwrüler

Fransiýanyň “Renault” kompaniýasy 5 ýyllyk strategiki meýilnamasyny “Fransiýanyň täze tolkuny” ady bilen yglan etdi. 2025-nji ýyla çenli 14 esasy modeliň satuwa çykaryljakdygy, olaryň 7-siniň doly elektrikli boljakdygy mälim edildi. Täze döwürde “Renault” kompaniýasy tehnologiýa, hyzmat we arassa energiýa markasyna öwrüler.

– Elektrik ulaglarynda öňdebaryjylygy güýçlendirip, wodorodly ýangyja maýa goýýan we 2025-nji ýyla çenli Ýewropanyň ekologiýa taýdan arassa önüm önümçiligine ýetmegi maksat edinýän energiýa markasyna öwrüleris. Bu döwrebap pikirleriň düýbüni Fransiýada goýýarys – diýip, “Renault Group” kompaniýasynyň baş direktory Luka De Meo belläp geçdi.

Tehnologiýa markasy boýunça “Renault” kompaniýasynyň ulaglary öňdebaryjy emeli aň we kiberhowpsuzlyk ulgamlary bilen enjamlaşdyrylar.

Dizel hereketlendirijileri bolan ýeňil ulaglary biogaz we arassa elektrik ulaglaryna öwrüler. 2025-nji ýyla çenli 14 sany esasy modeli satuwa çykarjak “Renault” kompaniýasy şolardan 7-sini doly elektrik, galan 7-sini “C” we “D” segmentinde öndürer.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi