JEMGYÝET

Milli Liderimiz Hytaýyň ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, hususan-da, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolan Hytaý bilen däbe öwrülen dostlukly, özara hormatly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky ynamly gatnaşyklar türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etdi. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda amala aşyrylan özara döwlet saparlarynyň çäklerinde geçirilen ýokary derjedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň toplumy uzak möhletli, strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berdi.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň özara gyzyklanmasyny we özara üsti ýetirilýän, uly kuwwata eýe bolan milli ykdysadyýetleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komiteti şol gatnaşyklaryň netijeli amala aşyrylmagyny ugur edinýär.

Ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi – Türkmenistandan Hytaýa “mawy ýangyjy” akdyrýan halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşen iri Malaý gaz ýatagyndan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý halkara gaz geçirijisine gymmatly energetika çig malynyň milliardlarça kub metri baryp gowuşýar.

Ýakynda bu ýerde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan Malaý gaz gysyjy desgasy dabaraly ýagdaýda işe giriziler. Ol çep kenardan iki sany kommunikasiýa ulgamy boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäge akdyryljak türkmen tebigy gazynyň eksportyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy