JEMGYÝET

Galyndylardan deri torba öndürilýär

Deri torbalaryň indi ösümliklerden hem öndürilip başlanandygyny eşidipmidiňiz? Torbalar ysy we durky boýunça haýwan derisinden ýasalan «kowumdaşlaryna» juda meňzeş. Bir aýratynlyk, olaryň miwelerden we gök önümlerden ýasalanlygydyr.

Bu açyş Niderland Patyşalygyndaky dizaýnerlere degişli. Täze torba «Rotterdam Fruitlizer» diýlip atlandyrylýar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, dizaýnerler torbanyň bu görnüşini Rotterdam şäherindäki bazarlardan ýygnalan miwe galyndylaryndan taýýarladylar.

Şeýlelikde, taslama derejesine çenli göterilen bu işiň netijesinde daş-töweregi zyýanly galyndylardan halas etmek meselesi oňyn çözülýär. Dizaýnerleriň indiki maksady bolsa bu galyndylary dokma önümçiliginde hem ulanmak. Halta, açar halkasy, oturgyç ýaly önümler ilkinji synag edilenler boldy. Synaglaryň netijesi hem erbet däl. Dizaýnerler bu önümleriň sanyny geljekde has hem köpeldip boljakdygyny aýdýarlar. jekde öndürilen deriniň dokma önümlerinde hem ulanyljakdygy çaklanylýar. Olaryň pikirine görä, bu önümleri geljekde eksport hem edip bolar.    

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady