SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusy 10 sekuntda kesgitläp bolýar

Türkiýäniň  alymlary koronawirusy 10 sekuntda anyklaýan synag ulgamyny taýýarladylar. Hünärmenleriň pikiriçe, takyklygy 99% -e ýetýär. Alymlar nanotehnologiýanyň kömegi bilen bu derňew tizligine ýetendiklerini öňe sürýärler. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Adaty “PSR” synagyndan tapawutlylykda, synag wagtynda burundan suwuklyk almak zerurlygy ýok. Muňa derek tüýkülik hassanyň agzyndan tampon bilen alynýar, soň bolsa ýörite ergin bilen garylýar. Ýokançlygy anyklamak üçin ýörite mikroshema ulanylýar.

“Patogenler on sekundyň içinde floresent signalyny dinamiki kabul etmek arkaly ýüze çykarylýar” –diýip, Bilkent uniwersitetiniň Nanotehnologiýa boýunça milli barlag merkezi (UNAM) beýanat berýär.

Alym Ali Aýtak Seýmanyň aýtmagyna görä, položitel netijäni 5-10 sekundyň içinde alyp bolýar. Netije negatiw bolsa 20 sekuntda belli bolar.

Alymlar ýurduň hökümetinden rugsatnama alnan halatynda öňümizdäki 2 aýyň dowamyndan bu synag ulgamlarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişmekçi bolýandyklaryny mälim etdiler. Şeýlelikde bu synag ulgamy häzirki wagtda koronawirus ýokanjyny anyklamak üçin ulanylýan “PSR” synag ulgamynyň ornuny tutup biler. “PSR” synag ulgamynyň netijelerine azyndan bir gije-gündiz garaşmak gerek.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi