SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Beýik Britaniýadan sanjym tassyknamasy

Oksford uniwersitetiniň “Astrazeneca” kompaniýasy bilen bilelikde işläp düzen koronawirusa garşy sanjymy Beýik Britaniýanyň Derman we lukmançylyk enjamlaryny kadalaşdyryjy edarasy tarapyndan tassyklandy.

“AZD1222” atly sanjym britan-şwed kompaniýasy “AstraZeneca” kompaniýasynyň goldawy bilen Oksford uniwersiteti tarapyndan işlenip düzüldi. Bu sanjym Beýik Britaniýada öndürilip, Ýewropada ulanylar. Şeýlelikde, Beýik Britaniýa “AstraZeneca/Oksford” sanjymyny ilkinji bolup tassyklan ýurt boldy.

Beýik Britaniýa bu sanjymdan 100 million dozasyny sargyt etdi. Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi Derman we lukmançylyk enjamlaryny kadalaşdyryjy edarasynyň maslahatyna eýerip, sanjymyň tassyklanmagyna rugsatnama berdi. “AstraZeneca” kompaniýasynyň baş direktory Paskal Soriot Oksford uniwersiteti bilen işlenip düzülen
koronawirus sanjymynyň “Covid-19”-dan 95 göterim gorajakdygyny we “Pfizer / BioNtech” we “Moderna” sanjymlary ýaly täsirli boljakdygyny habar berdi. Bilşimiz ýaly, Beýik Britaniýada “Pfizer-BioNTech” sanjymy ulanylyp başlanypdy.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy