ATAWATAN ESERLERİ

“Ata Watan Eserleri”: bäsleşik bizi döredijilige höweslendirýär

Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň atavatan-turkmenistan.com saýtynda “Söýgi-durmuşyň özeni” atly nobatdaky döredijilik bäsleşigi tamamlandy. Buäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeginden, şeýle-de bolsa daşary ýurtda okaýan, bilim alýan raýatlarymyz hem işjeň gatnaşdylar. Umuman aýdanymyzda bäsleşik ýokary derejede we üstünlikli geçdi. Ýeňijilerimiziň özleriniň döredijilik bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy mynasybetli öz  ýürek buýsançlaryny we  begençlerini biziň saýtymyzyň salgysyna internet arkaly ugradýar.

Şu bäsleşigimizde ikinji orny eýelän Bekmuradowa Lalezar hem-de üçünji orny eýelän Oguljennet Çaryýewanyň ýürek buýsançlaryny size ýetirýäris.

Men Bekmuradowa Lalezar Lebap wel, Darganata etr, Gazojak şäherinde ýaşaýaryn, öýbikesi: Salam “Atawatan-Türkmenistan” saýtyň agzalary men size çäksiz minnetdar, işiňiz mundan beýlak hem şowly bolsun, eser ýazyp gutarmaly möhlete 2 gün galanda eseri ýazyp tabşyrdym. Internet saýtyna girip görsem, bu bäsleşige mugallymlardyr talyplar işjeň gatnaşýan eken. Men hem öz bagtymy synap görmek üçin bu bäsleşige gatnaşdym.

Bäsleşigiň anyk mälim ediljek senesi gelipdi, biz bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşypdyk şeýdip ýeňijiler belli bolupdy seredip görsek, biziň eserimiz 2 –nji orny eýeläpdir. Size munuň üçin köp-köp sag bolsun aýdasym gelýär. Men utanyma hatda bir bada ynanmajak boldum, ýöne siziň saýtyňyz bäsleşigiň şertlerini takyk ýerine ýetirmegi bilen men ýeňiş gazandym.

Eziz ildeşler, siz hem gatnaşyň, hiç wagt özüňize baha berip bilmän ýa-da göwnüňizi çökdürmäň.

Ýurdumyz gülläp össün, şular ýaly bäsleşikler köp bolsun, begenjimiziň çägi ýok minnetdar.

Oguljennet Çaryýewa, Ýanka Kupala adyndaky Grodna döwlet uniwersitetiniň pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby:

Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň yglan eden “Söýgi-durmuşyň özeni” atly döredijilik bäsleşigine gatnaşyp 3-nji orna mynasyp boldum. Bu bäsleşige gatnaşyp baýrakly orna mynasyp bolanyma begenjimiň çägi ýok. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň yzygiderli gurnaýan döredijilik bäsleşikleri, biz ýaş nesilleri edebiýada we sungada has-da höweslendirýär. Bu ýaryşda özüm ýaly ýeňiji bolan beýleki ýaş ýazyjylary hem gutlaýaryn we galamlarynyň ýiti bolmagyny arzuw edýärin.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri