SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý sanjymlaryň köpçülikleýin önümçiligine taýýarlanýar

Koronawirus ýokanjyna garşy sanjym işläp düzmekde uly tagalla edýän Hytaýda bu ugurdaky işler tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Ýurtda sanjymlaryň köpçülikleýin önümçiligine girişmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komiteti habar berýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komitetiniň ýanyndaky Lukmançylyk we arassaçylyk ylmy we tehnologiki ösüş gözleg merkeziniň müdiri Çžen Çženweýiň aýtmagyna görä, sanjymyň bahalandyrylmagy köp sanly görkezijilere esaslanýar. Bularyň iň möhümi howpsuzlyk, netijelilik we elýeterlilikdir.

Çžen Çženweý 15 sany sanjymyň kliniki synagdan geçýändigini belledi. Olaryň 5-si 3-nji kliniki synagdan geçirilýär.

  • Hytaýyň “Sinopharm — China National Biotec Group” kompaniýasynyň golçur kärhanalary tarapyndan 2 sanjym işlenilip düzüldi.
  • “Sinowac Biotech”kompaniýasy tarapyndan sanjym işlenip düzüldi.
  • Hytaýyň “CanSino Biologics” kompaniýasy HHR-iň Harby lukmançylyk akademiýasy bilen hyzmatdaşlykda adenowiral wektor sanjymy işlenip düzüldi.
  • Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Mikrobiologiýa instituty “Anhui Jifei Longcom Biofarmasewtika” kompaniýasy bilen bilelikde tarapyndan rekombinant sanjym işlenip düzüldi.

Hytaýda sanjymlary synagdan geçirmegi we baha bermegi ýurduň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda we sanjymyň howpsuz we täsirli bolmagyny üpjün etmek üçin halkara tehnologiýa standartlary esasynda barlagdan geçirilýär.

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Ýokary Okuw Jaýlary

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!