TEHNOLOGIÝA

Ilkinji milli elektron poçta we messenjer programmasy işe girizildi

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy “sanly.tm” ilkinji milli elektron poçta hem-de “tmchat” messenjer ulgamynyň işe girizilendigini mälim etdi. Bu waka ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän hem-de ulag we aragatnaşyk toplumynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan halkara serginiň çäklerinde bolup geçdi.

Mälim bolşy şu ýylyň 12-nji noýabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisinde täze döwrebap milli elektron poçtasyny döretmek üçin programma üpjünçiliginiň taýýarlanandygy mälim edilipdi. Bu programma çözgüdi poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän moduly öz içine alýar.

“sanly.tm” milli elektron poçta ulgamy 3 dilde- türkmen-rus we iňlis dillerinde ulanmak mümkinçiligine eýedir. Milli bezeg ulgamlarynda taýýarlanan elektron poçta ulgamynyň göwrümi 1 Gb-a deňdir. Şeýle hem ol öz içinde senenama, ýazgylar, çat we beýleki mümkinçilikleri jemleýär.

“tmchat” messenjer programmasy bolsa köp sanly halkara jemgyýetçilik torlary bilen bäsleşik edip biljek derejede döredildi. Ol hem 3 dilde ulanmak mümkinçiligine eýe bolup, ony noutbuklarda, netbuklarda, şahsy kompýuterlerde, planşetlerde, smartfonlarda hem-de “akylly” sagatlarda ulanmak bolar.

Onuň bilen sesli sms-habarnamalaryny, suratlary ibermek bolar hem-de wideo jaňlary edip bolar. Şeýle hem onuň habarlar böleginde ýurdumyzda bolup geçýän wakalar bilen yzygiderli habarly bolmak mümkinçiligi döreýär.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar