BILIM

Türkmenistanly ýaş alym «Balsaýat» sazynyň dünýä gymmatlygyna öwrülip biljekdigine ynanýar

Türkmen milli konserwatoriýasynyň bäşinji ýyl talyby Perhat Hojanýazow öz ylmy gözleglerini «Balsaýat» halk sazynyň çuňluklaryna bagyşlady ― diýip, «Nesil» gazeti habar berýär. Ol bu işi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýaş alymlaryň arasynda yglan edilen bäsleşikde 2019-njy ýylda ikinji orna mynasyp boldy.

Onuň işi «Balsaýat» halk sazynyň ýerine ýetiriliş we gurluş aýratynlyklary» diýlip atlandyrylýar. Talyp ýigidiň aýdyşy ýaly, bu sazyň, esasan, iki görnüşi bar. Olar asyl nusga we «Ürgenji-Balsaýat» diýen görnüşleridir, ýöne her bir sazanda öz ussatlygy bilen saza aýratyn öwüşgin beripdir.

Perhat ylmy işinde belli sazandalarymyz Mylly Täçmyradowyň, Pürli Saryýewiň, Oraz Bagybekowyň we Ödenyýaz Nobatowyň «Balsaýada» çemeleşişini yzarlapdyr.

― «Balsaýat» sazynyň iň asyl nusgasy Mylly Täçmyradowyň çalan sazy hasaplanýar. Ol sazy halypalaryndan nähili öwrenen bolsa, şol nusgasy bilen hem şägirtlerine ýetiripdir. Ýöne, eýýäm, derňän beýleki sazandalarymyzda üýtgeşmeler, goşundylar göze ilýär. Meger, ussatlyk şu bolsa gerek: her bir üýtgeşme, «Balsaýadyň» gözelligine gözellik goşupdyr. Olaryň hiç birini hem diňläp ganar ýaly däl ― diýlip, ýaşlar neşirinde çap edilen makalada aýdylýar.

Kompozitor Weli Ahmedowyň tagallasy bilen bu saz simfoniki orkestr üçin hem işlenildi. Ýöne Weli Ahmedow hem ony ilki dutar we fortepianonyň sazlaşygynda çalmak üçin işläpdir. Soňra bolsa simfoniki orkestr üçin gaýtadan işläp, diňleýjilere ýetiripdir.

Ýaş alym Perhat Hojanýazow bu işi ep-esli wagtlap ürç edindi. «Balsaýat» sazynyň ylmy taýdan ilkinji gezek giň gerimde öwrenilmegi bu işiň esasy täzeligidir.

Eger biziň «Nar agajymyz» süýjüligi bilen niçik dünýäniň nusgawy eserine öwrülmegi başaran bolsa, «Balsaýatda» hem şeýle süýjülik, şeýle ýakym bar. Ikinjiden bolsa, sazyň eýýäm dünýä diňleýjileriniň birtoparyny maýyl edip bilenligidir. Halypa Hangeldi Annamyradow bir gezek «Balsaýady» Fransiýanyň iri sahnalarynyň birinde ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň birnäçe minutlap ör turup, el çarpyşmalaryna mynasyp bolupdy. Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa bolsa adybir aýdym bilen 2009-njy ýylda Özbegistanda geçirilen «Gündogar äheňleri» («Şark taronalary») atly halkara festiwalda baş baýraga mynasyp boldy ― diýip, makalada sazyň dünýä gymmatlygyna öwrülmäge mümkinçiligi barada aýdylýar

Ýeri gelende aýtsak, türkmen halkynyň we topragynyň maddy hem-de maddy däl medeni gymmatlyklarynyň ençemesini bütin adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar eden ÝUNESKO şu günler halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligi, saz çalmak we bagşyçylyk sungaty bilen ýakyndan gyzyklanýar.

 

Türk dili sahypamyz

Saýtymyza ýerleşdirýän habarlaryň käbiri, şeýle hem Türkiýedäki Türkmenistanlylary gyzyklandyrýan habarlary saýtymyzyň Türk dili sahypasyna ýerleşdirýäris. Eger Siz habarlarymyzy Türk dilinde okamak isleýän bolsaňyz, onda, ekranyň sag üst tarapyndan Türkiýäniň baýdagyny saýlaň!

Ýene-de okaň

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy

Ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolarlar

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Petronas” kompaniýasy bilen ähtnama gol çekdi

Türkmenistan we “Huawei”: sanly ulgam üçin hünärmenler taýýarlanar

Britan uniwersitetileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar