Häzirki wagtda tutuş dünýäde ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň giňden ýaýran döwründe onuň öňüni almak babatda sanjym önümçiligine uly ähmiýet berilýär. ABŞ-nyň “Pfizer” we “Moderna” kompaniýalaryndan soňra dünýä belli Oksford uniwersitetinden hem koronawirus sanjymy barada hoş habar gelip gowuşdy.
“BBC” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Oksford uniwersitetiniň täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy işläp taýýarlan sanjymynyň 3-nji kliniki synagdan geçirilendigi we onuň täsirliliginiň 70 göterimdigi mälim edildi.
Oksford uniwersitetiniň “AstraZeneca” kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlan sanjymy, “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalarynyň, şeýle hem “Moderna” kompaniýasynyň sanjymlary bilen bäsleşer.
HAS ARZAN WE SOWADYJYDA SAKLAP BOLAR
Oksforduň sanjymynyň aýratynlykly taraplary bar. Ol beýleki sanjymlara görä has arzan hem-de adaty sowadyjyda gorap saklamak mümkinçiligi boýunça has amatly boljakdygy aýdyldy. Beýleki sanjymlary has sowuk derejede saklamak gerekdigi aýdylypdy.
“AstraZeneca” kompaniýasynyň paýlamak boýunça müdiri Çeng 2020-nji ýylyň ahyryna 200 million dozanyň öndüriljekdigini habar berdi.
Beýik Britaniýanyň hökümeti 50 million ilata sanjym etmek üçin Oksforduň sanjymynyň 100 million dozasyny öňünden sargyt etdi. Oksforduň sanjymynyň 1 ýyla çenli täsirli boljakdygy aýdylýar. Bu sanjym Beýik Britaniýada hem-de Braziliýada kliniki synaglardan geçirildi.
“Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalary tarapyndan işlenip düzülen Covid-19 sanjymynyň bahasynyň 35 ýewro, “Moderna” kompaniýasynyň sanjymynyň bahasynyň 37 dollar boljakdygy aýdylýar. Bu sanjymlary -70 derejede saklamagyň zerurdygy we munuň hem onuň ygtybarly daşalmagyna kynçylyklar döretjekdigini mälim edildi.
ABŞ-DA KÖPÇÜLIKLEÝIN SANJYMA BAŞLANAR
ABŞ-nyň “Covid-19” sanjym maksatnamasynyň başlygy Dr. Monsef Slaoui, “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalary tarapyndan işlenip düzülen Covid-19 sanjymynyň 11-nji dekabrda raýatlara ulanylyp bilinjekdigini habar berdi.
ABŞ-nyň Farmasewtika ulgamynyň ägirdi “Pfizer” we Germaniýanyň “BioNTech” kompaniýasynyň koronawirus sanjymynyň 95 göterim täsirlidigi mälim edildi.
ABŞ-dan soňra Germaniýanyň hem şu ýylyň ahyryna çenli ilata sanjym etmek işine girişmegi maksat edinýändigi mälim edildi. Germaniýanyň saglygy goraýyş ministri Jens Spahn Germaniýanyň 300 milliondan gowrak doza sanjymynyň üpjün etjekdigini belledi.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!