SPORT

Messiniň islegi

“Barselona” futbol toparynda çykyş edýän we 2021-nji ýylyň tomus aýlarynda şertnamasy tamamlanýan dünýä belli futbolçy Lionel Messi, häzirki wagtda Angliýanyň “Mançester Siti” futbol topary bilen işjeň gepleşikleri alyp barýar. Bu barada metbugatda çykýan habarlara görä, Messi bu topara geçmek üçin käbir isleglerini beýan etdi.

Şolaryň biri-de geljekdäki tomusky transfer penjiresinde bu toparyň tälimçisi Pep Gwardiola we hüjümçisi Kun Aguero topar bilen öz şertnamalaryny uzaltsalar, onda Lionel Messi hem bu topara goşulyp biler.

Geçen tomusda hüjümçi “Barselona” toparyndan aýrylmak isläpdi. Emma toparyň ýolbaşçylary rugsat bermediler. Muňa derek, argentinaly super ýyldyz 2021-nji ýylyň tomsunda şertnamasy gutaranda gitjekdigini habar berdi. 33 ýaşly ýyldyz oýunçynyň täze topary “Mançester Siti” bolup biler.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov